Türkiýe goňşy döwletlere eksporty artdyrýar

  • 11.04.2022 23:23
  • 7.3k+

Türkiýäniň şu ýylyň birinji çärýeginde goňşy Eýrana, Gresiýa, Yraga, Gruziýa, Siriýa we Bolgariýa eksporty 5,6 mlrd dollara ýetdi, bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30,4 göterim köpdür. Bu barada Anadolu agentligine salgylanyp, Day.Az habar berýär. 

Türkiýäniň Söwda ministrliginiň we Eksportçylar birleşiginiň maglumatlaryna görä, mart aýynda eksport geçen ýyl bilen deňeşdirilende 19,8% ýokarlanyp, 22,7 mlrd dollara ýetdi. Bu respublikanyň taryhynda mart aýy üçin iň ýokary aýlyk eksport görkezijisidir. 
Ýanwar-mart aýlarynda Türkiýäniň eksporty 60 mlrd 288 mln dollara ýetdi, bu hem birinji çärýekde daşary ýurtlara iberişiň rekord görkezijisi boldy. Bellenilen döwürde Türkiýäniň Eýrana, Gresiýa, Yraga, Gruziýa, Siriýa we Bolgariýa eksporty 5,636 mlrd dollar boldy. 
2021-nji ýylyň degişli döwründe bu ýurtlara eksport 4,323 mlrd dollar boldy. Ýanwar-mart aýlarynda goňşy döwletlere eksport 30,4% ýokarlandy. 
Birinji çärýekde Türkiýäniň esasy importçysy Yrak boldy – 2 mlrd 446 mln 554 müň dollar. Onuň yzyndan Bolgariýa, Gresiýa, Eýran, Gruziýa we Siriýa gelýär. Goňşy döwletleriň arasynda Türkiýäniň himiýa senagatynyň önümleri uly islegden peýdalandy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan mart aýy aralygynda 6 goňşy döwlete Türkiýäniň himiýa senagatynyň önümleriniň eksporty 856 mln 548 müň dollar boldy. 
Ondan soň däneli ekinleriň, noýbanyň, ýag alynýan çigitleriň we önümleriň eksporty – 807 mln 448 müň dollar we polat eksporty gelýär – 525 mln 456 müň dollar.


12.03.2026 19:56
6.5k+

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi...

11.03.2026 23:37
6.1k+

Türkmenistanyň Baş konsuly Stambulyň häkimi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Ö. Jumanazarow bilen Stambulyň häkimi Dawut Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

28.02.2026 10:13
9.5k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler...

11.02.2026 11:51
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär...