Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty (11.04 — 17.04)

  • 11.04.2022 00:41
  • 23k+

Geljek hepde Türkmenistanda howanyň üýtgäp durmagyna, käbir ýerlerde ygalyň düşmegine we şemalyň güýjemegine garaşylýar diýip howa maglumaty gullugy çaklaýar. Şeýle hem howanyň temperaturasynyň gije-gündiziň dowamynda üýtgäp durmagyna garaşylýar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbede howa maglumaty gullugy howanyň +24 dereje boljakdygyny çaklaýar. Hepdäniň sişenbe güni howa +31 derejä çenli gyzar, çarşenbede bolsa eýýäm gyzgynlyk +37 derejä ýeter. Penşenbede temperatura +25 derejä düşer, anna güni bolsa - +21-e çenli peselip, şenbe güni +25 dereje bolmagyna garaşylýar. Ýekşenbe güni ýagyş görnüşinde 10,5 mm ygalyň düşmegine garaşylýar, şol gün termometriň sütünjigi +15 derejä çenli peseler.

Balkan welaýatynda duşenbede howanyň temperaturasy +24 dereje bolar. Sişenbe güni howanyň +32 derejä çenli gyzmagyna garaşylýar. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +29 derejä çenli aşaklar, penşenbede bolsa birden aşaklap, +21 derejä ýetmegi mümkin. Anna we şenbe günleri howa maglumaty gullugynyň çaklaýşyna görä, howanyň temperaturasy +23 - +24 dereje bolar. Ýekşenbede 2 mm ygalyň düşmegine garaşylýar, howanyň temperaturasy +17-ä çenli peseler.

Daşoguz welaýatynda duşenbede temperatura +21 derejä ýeter, az-kem ýagyn ýagmagyna garaşylýar. Hepdäniň sişenbe güni howa +25 derejä çenli gyzar. Çarşenbede we penşenbede howanyň gyzgynlygy +32 - +34 derejä ýeter. Anna güni termometriň sütünjigi +22-ni görkezer we hepdäniň ahyryna çenli takmynan şeýle temperaturada saklanar.

Mary welaýatynda duşenbe güni howanyň aňrybaş gyzgynlygy +26 derejede saklanar diýip garaşylýar. Sişenbede howa +31 dereje bolup, çarşenbede +35 derejä çenli gyzar, penşenbe güni bolsa howa +28 dereje töweregi gyzar. Anna güni howanyň gyzgynlygy biraz gowşaşyp, +27 dereje bolar. Şenbede +29 dereje yssy bolar. Ýekşenbe güni 6 mm-e çenli ygalyň düşmegine we howanyň temperaturasynyň +21 dereje töweregi bolmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howa +28 derejä çenli gyzar diýip çaklanylýar. Çarşenbede howanyň aňrybaş gyzgynlygy +32 derejä, penşenbe güni bolsa +34 derejä  ýeter. Anna güni termometriň sütünjigi +30-y görkezer. Şenbe güni howa +29, ýekşenbe güni bolsa +25 dereje bolar diýip garaşylýar.


06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

30.03.2026 11:13
13k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......

16.03.2026 15:11
12k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

09.03.2026 15:25
18k+

Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy gijelerine -10 gradusa çenli peseler...