Serdar Berdimuhamedow Aralyň ýaramaz täsirlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

  • 09.04.2022 09:37
  • 22k+

Hökümetiň 8-nji aprelde geçirilen mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow: «Aral deňziniň sebitinde emele gelýän howa gurşawy bize aýratyn howp döredýär. Bu ýagdaý tebigata, howa, Aralýaka sebitde ýaşaýan adamlaryň saglygyna örän ýaramaz täsir edýär» diýip, wise-premýer S.Toýlyýewe bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýurdumyzda bu ýaramaz täsiriň öňüni almak üçin kabul edilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişini, ylmy merkezleriň, hassahanalaryň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamak, bu işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde her aýda hasabat bermek tabşyryldy.

Şeýle hem Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany ýylyň yssy döwri bolan tomus möwsüminiň ýetip gelýändigine ünsi çekip, ýokanç keselleriň ýaýramak mümkinçiliginiň öňüni almak maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine beýleki degişli gulluklar bilen bilelikde ýokanç keselleri ýaýradyp biläýjek çöl haýwanlaryna, zyýankeşlere we mör-möjeklere garşy göreşmek boýunça gorag çärelerini geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.


20.06.2026 12:08
6.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......