Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ilkinji 3 aýynyň makroykdysady görkezijileri nähili?

  • 09.04.2022 11:11
  • 14k+

8-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerini jemlemäge bagyşlanyp geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy.

  • Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köp boldy.
  • Daşarky söwdanyň möçberi şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, eksportyň we importyň artdyrylmagynyň hasabyna 40,9 göterim ýokarlandy.
  • Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýäde emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýylda garaşylýan netijeleriniň gysga wagtyň içinde düýpli seljermesini geçirmegi, şeýle-de kiçi we orta kärhanalara karz bermegiň hereket edýän maksatnamasyny giňeltmegi, täze iş orunlaryny, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmegiň maksatnamasyny seljermegi tabşyrdy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......