Begenç Gündogdyýew Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bellenildi

  • 06.04.2022 22:58
  • 26k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzüminde howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça wise-premýer wezipesini ýatyrdy. Bu barada Döwlet Baştutany şu gün geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçy düzümi tassyklanyldy.

Hökümetiň düzüminden harby-hukuk goraýjy edaralar boýunça wise-premýer wezipesiniň aýrylmagy bilen baglylykda, bu wezipedäki Çarymyrat Amanow başga işe geçmegi sebäpli Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadyldy.
Serdar Berdimuhamedow döwlet howpsuzlygyny we goragyny berkitmekde, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde Ç.Amanowa minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurduň we halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berdi.
Serdar Berdimuhamedowyň karary bilen Türkmenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bellenildi.


05.06.2026 17:31
1.5k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....