Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty (04.04 — 10.04)

  • 03.04.2022 22:56
  • 20k+

Indiki hepde Türkmenistanda howanyň esasan yssy bolmagyna garaşylýar. Ýurduň käbir sebitlerinde az-kem ýagynly günleriň bolmagy mümkin diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni ýylyň häzirki möwsümi üçin +36 dereje, ýagny aňrybaş gyzgyn howanyň bolmagyna garaşylýar. Sişenbe güni termometriň sütünjigi birneme aşaklap, howanyň gyzgynlygy +28 dereje bolar diýip çaklanylýar. Çarşenbede howa +21 derejä çenli peseler. Penşenbe güni howa +28 derejä çenli gyzar. Anna güni hem şonuň ýaly howa saklanar, 1,3 mm ygalyň hem düşmegi mümkin. Şenbe güni howanyň aňrybaş gyzgynlygy +32-ä ýeter. Ýekşenbe güni termometriň sütünjigi +21 derejä çenli aşaklap, az-kem ýagyn ýagmagy mümkin.

Balkan welaýatynda hepdäniň duşenbe güni howa +32 derejä çenli gyzar. Sişenbe we çarşenbe günleri howanyň derejesi +21-e çenli aşaklar. Penşenbe güni termometriň sütünjigi +27-ä galar. Howa maglumaty gullugy anna güni howa +24 dereje bolar diýip çaklaýar. Dynç günleri az mukdarda ygalyň düşmegine garaşylýar, şenbe güni howa +23 dereje, dynç güni bolsa +21 dereje bolar diýip çaklanylýar.

Daşoguz welaýatynda howa duşenbe güni +33 derejä çenli gyzar. Sişenbeden çarşenbä çenli howanyň gyzgynlygy +23 dereje töwerek bolar. Anna güni howanyň temperaturasy +27 dereje bolar. Şenbe güni howanyň +29 derejä çenli gyzmagyna garaşylýar. Ýekşenbe güni 3 mm-e çenli ygalyň düşmegi mümkin, howanyň temperaturasy +22 derejä çenli aşaklar.

Mary welaýatynda duşenbede howanyň gyzgynlygy +34 derejä ýeter. Sişenbe güni eýýäm gyzgynlyk biraz peselip, +29 dereje bolmagyna garaşylýar. Howa maglumaty gullugy çarşenbe güni howa +25 dereje bolar diýip çaklaýar. Penşenbeden başlap howa ýene gyzyp ugrar we temperatura +28 derejä çenli ýokarlanar. Anna güni howa +34 derejä çenli gyzar. Şenbe güni bolsa howanyň gyzgynlygy +33 dereje bolar, ýekşenbe güni howanyň temperaturasy +25 derejä düşer. 

Lebap welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň temperaturasy +33 dereje töwerek bolar. Çarşenbe we penşenbe günleri temperatura +27 derejä çenli peseler, anna we şenbe günleri bolsa howanyň ýene +33 derejä çenli gyzmagyna garaşylýar. Ýekşenbe güni howanyň gyzgynlygy +31 dereje bolar diýip çaklanylýar. 


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

08.06.2026 15:19
7.2k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 11:42
8.5k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

11.05.2026 09:43
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....