Aşgabatda 4-11-nji aprelde şahsy awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

  • 03.04.2022 22:32
  • 38k+

Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen, ekologiýa çäresiniň çäklerinde Aşgabatda bir hepdelik — 4-11-nji aprel aralygynda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Herekete çäklendirme bir hepdäniň dowamynda 08:00-dan 18:00 aralygynda dowam eder. Çäklendirme hususy awtoulaglara degişli bolup, jemgyýetçilik ulaglary — awtobuslar we taksiler adaty tertipde hereket eder.
Bu başlangyç awtomobillerden daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmaga we ekologiýa ulagy hökmünde welosipedi şäher ulag hereketine goşmaklygy maksat edinýär.
Belläp geçsek, ýurdumyzda «awtoulagsyz gün» çäreleri ilkinji gezek geçirilmeýär. Bu çäre daşky gurşawy goramakda, raýatlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde, sporta çekmekde uly seslenmä eýe bolup, eýýäm birnäçe ýyl bäri geçirilýär.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......