Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Liderini Türkmenistanyň daşary syýasatynyň 5 strategik ugry bilen tanyşdyrdy

  • 03.04.2022 17:22
  • 19k+

2-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň halkara düzümleriň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-de işjeň ösdürilýändigini, birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldamakda ýurtlarymyzyň arasynda oňyn tejribäniň toplanandygyny aýratyn belledi. Şeýle-de döwlet Baştutany hindistanly kärdeşini ýurdumyzyň geljek onýyllyklarda alyp barjak daşary syýasatynyň bäş strategik ugry bilen gysgaça tanyşdyrdy. Bular barada ýurdumyzyň esasy syýasy neşiriniň elektron görnüşinde habar berilýär.

  • Birinji ugur — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek. Biziň maksadymyz ýakyn geljekde Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk zolaklarda howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň sazlaşykly, bölünmeýän we gyşarnyksyz ulgamyny döretmek bolup durýar.
  • Ikinji ugur Bitaraplygy dünýä giňişliginde ösdürmekdir we öňe sürmekdir.
  • Üçünji ugur daşary-ykdysady gatnaşyklary gyşarnyksyz artdyrmakdyr we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekdir.
  • Dördünji ugur durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn goldaw bermekdir.
  • Bäşinji ugur halkara gatnaşyklara ynsanperwer häsiýet bermäge, oňa päk ahlaklylygyň, ak ýürekliligiň we adalatlylygyň ýokary ölçeglerini girizmäge ýardam bermekdir. 

düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......