Türkmenistanyň we Hindistanyň Liderleriniň gepleşiklerinde TOPH taslamasy hem maslahatlaşyldy

  • 02.04.2022 18:19
  • 10k+

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek bilen bagly mesele Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu möhüm taslamanyň oňa gatnaşyjy döwletler üçin diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, sebitde durnuklylygy berkitmäge, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmaga, birek-birek bilen ykdysady hem-de syýasy taýdan has-da ýakynlaşmaga hem mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Ýeri gelende bellesek, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň düýbi tutuldy. Umumy uzynlygy 1 müň 840 kilometre, geçirijilik ukyby ýylda 33 milliard kub metre deň bolan bu gaz geçiriji Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky «Galkynyş» gaz käninden Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, Hindistanyň Penjap welaýatyna baryp ýeter.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......