Türkmen-hindi gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň 4-sine gol çekildi

  • 02.04.2022 17:33
  • 16k+

2-nji aprelde «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň netijeleri boýunça dürli ugurlarda türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  • Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda alşylan Ähtnama;
  • Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy bar. 

düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......