Serdar Berdimuhamedow iň ýokary wezipede ilkinji gezek Hindistanyň Prezidenti bilen gepleşik geçirdi

  • 02.04.2022 17:26
  • 14k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. «Oguz han» köşkler toplumynda guralan gepleşikler ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde dowam etdi diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen-hindi gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit we ählumumy howpsuzlygy berkitmek, halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy üpjün etmek, Owganystanda parahatçylygy berkarar etmäge ýardam bermek, energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly ugurlar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen nobatdaky gepleşikleriň esasyny düzdi.

Duşuşykda, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmäge aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm taslama oňa gatnaşyjy döwletler üçin diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, sebitde durnuklylygy berkitmäge, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmaga, birek-birek bilen ykdysady hem-de syýasy taýdan has-da ýakynlaşmaga hem mümkinçilik berer.

Ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Ýeri gelende bellesek, şu gezekki sapar Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet sapary bolmak bilen, dostlukly ýurduň Baştutany Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem iň ýokary döwlet wezipesinde kabul edýän ilkinji myhmanydyr.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......