Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilen mejlisine gatnaşdy

  • 24.03.2022 13:57
  • 11k+

22-23-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) Yslamabatdaky Parlament binasynda geçirilen 48-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Pakistanda saparda boldy.

Musulman ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň her ýyl geçirilýän duşuşygy «Agzybirligiň, adalatyň hem-de ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň bina edilmegi» şygary astynda geçýär. DIMG-niň 48-nji mejlisiniň başynda başlyklyk Pakistana geçirildi. Giriş mejlisinde Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han, YHG-nyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha çykyş etdiler. Sebitleýin toparlaryň adyndan mejlisde Gazagystanyň (Aziýa topary), Tunisiň (Arap topary), Nigeriýanyň (Afrika topary) wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi we Türkmenistana beren goldawy hem-de geçen saýlaw prosesiniň çäklerindäki monitoring işlerine YHG-nyň synçylarynyň işjeň gatnaşmagy babatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna minnetdarlyk bildirdi.

Owganystany goldamak meselesinde Türkmenistanyň garaýyşlarynyň owgan meseleleriniň syýasy, ykdysady we ynsanperwer aýratynlyklarynyň bitewüligine düşünmeklige esaslanandygy bellenildi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy halkara ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekip, foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty barada habar berdi. 


düýn 23:46
1.3k+

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....

düýn 19:49
5.8k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

düýn 12:01
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

düýn 11:29
3.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy

8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly......