Türkmenistanyň we Pakistanyň baş diplomatlary TOPH, TOP taslamalaryny maslahatlaşdylar

  • 24.03.2022 10:18
  • 6.9k+

22-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslamabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdi. Onuň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Pakistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň wajypdygyny nygtady we bu ugurda Bilelikdäki hökümetara türkmen-pakistan toparynyň işini güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, 2022-nji ýylda onuň Yslamabatda nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Diplomatlar bilelikdäki iri taslamalaryň, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....