24-25-nji martda Türkmenistanda şemalyň güýjemegine garaşylýar

  • 23.03.2022 23:01
  • 21k+

24-25-nji martda Türkmenistanyň birentek sebitlerinde şemalyň güýjemegine garaşylýar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Şonuň bilen bagly howa tozanly bolup, çaňjaryp durar.  

Aşgabatda we Ahal welaýatynda penşenbeden anna gününe geçilen gije şemalyň tizligi sekuntda 16 metre ýeter. Gündiz howa +19 derejä çenli gyzar.

Balkan welaýatynda penşenbe güni agşam güýçli şemal turar. Onuň tizligi sekuntda 16 metre ýeter. Anna güni agşam güýjän ýeliň tizligi sekuntda 15 metre ýeter. Şol günler sebitde howanyň gyzgynlygy +16 - +13 dereje bolar.

Daşoguzda güýçli ýel anna güni irden öwsüp başlar diýip howa maglumaty gullugy çaklaýar. Onuň aňrybaş tizligi sekuntda 18 metre ýeter. Şenbe güni günortanlar hem şemal güýçli bolar diýip çaklanylýar.

Mary welaýatynda anna güni ir ertirden giç agşama çenli güýçli ýel öwser. Onuň tizligi sekuntda 17 metre ýeter. Gündiz howa +33 derejä çenli gyzar.  

Lebap welaýatynda anna güni günortanlar şemal güýçlenip başlar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Şemalyň tizligi sekuntda 18 metre ýeter. Gündiz howanyň gyzgynlygy +29 derejä ýeter.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

08.06.2026 15:19
7.2k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 11:42
8.5k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

11.05.2026 09:43
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....