Türkmen wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy

  • 20.03.2022 13:18
  • 8.2k+

Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 14-18-nji martda gibrid görnüşde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu komissiýanyň agzasy bolup durýar.

Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümetara guramadan we 72 hökümete degişli däl guramadan 1400 adam gatnaşdy. Mejlisiň açylyşynda BMG-niň Ykdysady we Durmuşy geňeşiniň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Neşe serişdelerine gözegçilik boýunça halkara komitetiniň, BMG-niň HIV/AIDS boýunça birleşdirilen maksatnamasynyň (UNAIDS) ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Öz çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýurdumyzda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu ýaramaz nogsana garşy barlyşyksyz we berk göreşmek Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutýan esasy bir ugry bolup durýandygy belledi.

Türkmenistan neşe serişdelerine garşy göreş boýunça meselelere degişli ýokary derejeli köptaraplaýyn forumlaryň geçirilýän ýeri hökmünde tanalýandygy bellenildi. Bu netijeli tejribäni dowam etmek maksady bilen, Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de garyşyk meseleler boýunça kiçi toparyň 55-nji mejlisiniň şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......