Emomali Rahmon Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Prezident saýlawlarynyň geçirilmegi bilen gutlady

  • 16.03.2022 14:39
  • 8.2k+

15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Täjik Lideri döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine nobatdan daşary saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Türkmen Lideri ýurdumyzyň merkezi saýlaw toparynyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlawlaryň jemleri boýunça Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti diýip yglan edendigini kanagatlanma bilen belledi hem-de mundan beýläk özüniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini aýtdy.

Täjigistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de iň ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......