Ermenistanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

  • 16.03.2022 14:28
  • 3.4k+

15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen Liderini Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Nikol Paşinýana gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň jemleri boýunça Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti diýip yglan edendigini habar berdi we mundan beýläk özüniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de bar bolan mümkinçilikleri dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmek üçin doly herekete getirmek bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk hem-de ýurduň we halkyň bähbidine alyp barjak asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3.2k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......