Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy döwlet sapary bilen Gazagystana çagyrdy

  • 15.03.2022 23:26
  • 1.2k+

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew sişenbe güni Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Gazak Lideriniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady we oňa jogapkärçilikli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem Tokaýew Türkmenistanyň täze döwlet Baştutanyny Gazagystana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Gazak Lideri iki doganlyk döwletleriň arasynda dostluk, hoşnniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde Gurbanguly Berddimuhamedowyň aýratyn goşandyny nygtady.
Kasym-Žomart Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý syýasy we durmuş tejribesiniň geljekde hem Türkmenistanda we onuň çäginden daşarda uly zerurlykdan peýdalanjakdygyna ynam bildirdi.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......