Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Prezidenti boldy

  • 15.03.2022 12:05
  • 10k+

Merkezi saýlaw toparynyň 14-nji martda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi. Bu barada merkezi saýlaw toparynyň resmi internet saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00 çenli saýlaw hukukly raýatlar işjeňlik bilen ses bermäge gatnaşdylar. Ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi.

Şeýlelikde, ses bermegiň netijelerine görä:

  • Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Begenjow Perhat Guwançgulyýewiç 2,02 %;
  • Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Bekmyradow Agajan 7,22 %;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç 72,97 %;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanow Berdimämmet Hanmämmedowiç 2,22 %;
  • «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Meredow Babamyrat Tirkeşowiç 1,08 %;
  • Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Nunnaýew Hydyr Kakabaýewiç 11,09 %;
  • Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Ödeşow Maksat Myradowiç 1,15 %;
  • Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Öwezgeldiýew Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç 1,16 %;
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Saryýew Kakageldi Atajanowiç 1,09 % ses aldylar.

şu gün 07:30
2.8k+

Bol hasylyň ugrunda: Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni sanly ulgam arkaly sebitlerde dowam edýän ýazky meýdan işlerine we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan iş maslahatyny......

düýn 23:45
2.9k+

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....

04.04.2026 22:25
2.6k+

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi birnäçe duşuşyklary geçirdi: syýasat, ykdysadyýet we lukmançylyk meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň edaralarynyň we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek......

04.04.2026 09:20
2.4k+

Bakuwda Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuwda geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň......