Rumyniýada pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeler ýatyrylýar

  • 11.03.2022 09:20
  • 5.9k+

Rumyniýada 9-njy martdan başlap koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendiriş çäreleri ýurtdaky howsala ýagdaýynyň hereketleri bilen bilelikde ýatyrylýar. Bu barada Rumyniýanyň saglygy goraýyş ministri Aleksandru Rafila sişenbe güni geçirilen metbugat konferensiýasynda habar berdi. 

"Çäklendirmeler aradan aýrylanda biz täze ýagdaýa gireris. Mundan buýana şahsy seresaplylyk we jogapkärçilik esasy orunda durmalydyr" diýip, Agerpres agentligi onuň sözlerini getirýär. 

Şeýlelikde, çarşenbe gününden başlap Rumyniýada hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyrylar, dükanlara, restoranlara we döwlet edaralaryna barmakda, şeýle hem olaryň iş düzgüni babatynda bellenen çäklendirmeler aradan aýrylar.

Rumyniýa daşary ýurtdan gelnende ýaşyl sertifikata (waksinasiýa geçenligiňe ýa-da keseli geçirenligiňe şaýatlyk edýän resminama we Rumyniýanyň çägine girjek bolnanda doldurylýan, ýolançyny çäklendirýän formulýar, bu owal kesellän  bilen gatnaşykda bolan daşyndan gelen adamy hökümete tiz tapmaga ýardam edýär) zerurlyk bolmaz.


20.03.2025 12:22
4.3k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
4.9k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

09.08.2024 11:33
4.6k+

BSGG pandemiýa sebäp bolup biljek patogenleriň täzelenen sanawyny neşir etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) epidemiýa ýa-da pandemiýa sebäp bolup biljek patogenleriň täzelenen sanawyny hödürledi. Sanawda denge wirusy, maýmyn mamasy we A gripiniň wirusynyň dürli serotipleri ýaly...

10.05.2024 13:28
4.7k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...