BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

  • 23.05.2025 12:05
  • 2.3k+

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi.

Şertnama dünýäniň 124 ýurdy tarapyndan goldanyldy. Hiç kim garşy çykmady. Ýene 11 ýurt, şol sanda Russiýa, Ysraýyl, Slowakiýa, Eýran, Polşa we Italiýa saklandy.
Resminama geljekki pandemiýalaryň öňüni almakda we olara jogap bermekde deňsizligi aradan aýyrmaga gönükdirilýär. Onda derman serişdelerini, sanjymlary we lukmançylyk serişdelerini bilelikde işläp taýýarlamak barada aýdylýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy şertnamanyň döwletleriň, halkara guramalarynyň, işewürligiň, raýat jemgyýetiniň we beýleki gatnaşyjylaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini belledi.

“Şeýle etmek bilen dünýä ýurtlarynyň hökümetleri adalatlylyk ýörelgelerini tassyklamaga, saglygy berkitmäge we öz ýurtlarynyň, şeýle-de tutuş dünýä jemgyýetiniň pandemiýa bolup biljek patogenleriň we wiruslaryň ýaýramagy bilen bagly howplardan goragyna ýardam eder” – diýip, BSGG-niň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus belledi.

Indi ýurtlara patogenlere elýeterliligi üpjün etmek hem-de sanjymlar, testler we bejergiler bilen paýlaşmak ulgamyny (PABS) ylalaşmak gerek. Öndürijiler çykarýan sanjymlarynyň, derman serişdeleriniň we beýlekileriň 20%-ine çenli BSGG-e bermeli bolar we ol hem saglyk üçin abanýan howpa we saglygy goraýyş ulgamynyň zerurlyklaryna baglylykda ýaýradylar.
Şertnamanyň güýje girmegi üçin ony azyndan 60 ýurt tassyklamaly. Reuters bu prosesiň iki ýyla çekip biljekdigini belleýär. Ilkibaşda ýurtlar PABS mehanizmi barada ylalaşmaly.


düýn 12:08
5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......