BSGG geljekki pandemiýalara garşy göreşmek barada şertnama boýunça doly ylalaşyga ýakyn geldi

  • 14.04.2025 23:50
  • 2.6k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna (BSGG) agza ýurtlaryň wekilleri geljekde ýüze çykyp biljek pandemiýalaryň öňüni almak maksady bilen taýýarlanylýan halkara şertnamanyň esasy maddalary boýunça ylalaşyga geldiler. «Reuters» agentliginiň gepleşik toparynyň egindeş başlygyna salgylanyp beren habaryna görä, resminamanyň soňky görnüşi 15-nji aprelde Ženewada maslahatlaşylar.

Bu resminamanyň üstünde birnäçe ýyl bäri iş alnyp barylýar. Hökümetara gepleşik toparynyň wekili Ann-Kler Amprunyň aýtmagyna görä, gatnaşyjy ýurtlar möhüm maddalar boýunça umumy pikirde birleşmegi başardy. Indi bu şertnamany ýurtlaryň milli hökümetleriniň makullamagyna garaşylýar.
Şertnama soňky görnüşinde ylalaşylandan soň, ol Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň garamagyna ugradylar, bu assambleýa bolsa maý aýynda Ženewada geçiriler.
«Reuters» agentliginiň maglumatlaryna görä, şertnamanyň iň jedelli bölegi 11-nji madda boldy, ol ösüp barýan ýurtlara tehnologik serişdeleriň berilmegi bilen baglanyşyklydy. Latyn Amerikasy ýurtlary sanjymlaryň we test serişdeleriniň öndürilişine elýeterliligi üpjün edip biljek mehanizmleri döretmegi ileri tutýarlar. Şol bir wagtyň özünde, derman senagaty ösen ýurtlaryň wekilleri bu prosesi meýletin ýagdaýda galdyrmagy talap etdiler.
Agentligiň çeşmeleriniň bellemegine görä, bu mesele boýunça hem belli bir ylalaşyk gazanyldy, ýöne resminamanyň iň soňky görnüşi entek köpçülige hödürlenmedi.


düýn 11:31
3.1k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......