Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.03 — 13.03)

  • 07.03.2022 08:11
  • 12k+

Şu hepdede Türkmenistanyň aglaba sebitlerinde güýçli ýagyn ýagmagyna garaşylýar. Käbir günlerde howanyň temperaturasy birden-birden aşaklar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbede howanyň temperaturasy +7 derejä ýeter, 2,6 mm-e çenli ygalyň düşmegine garaşylýar. Sişenbe güni howanyň temperaturasy +11 derejä çenli gyzsa-da, howa bulutly bolmagynda galar. Howa maglumaty gullugy çarşenbe güni  irdenligine temperatura birden +6 derejä düşer, gündizine bolsa ýene +18 derejä çenli gyzar diýip çaklaýar. Penşenbe   güni howa gündizine +27 derejä çenli gyzyp, agşamyna ýene +16 derejä çenli peseler diýip çaklanylýar. 
Anna güni gündizine howanyň gyzgynlygy +14 dereje bolup, agşam az-kem ýagyn ýagmagy mümkin. Dynç günleri termometriň sütünjigi +10-ny görkezer, şenbe güni 3,8 mm ygal düşer, ýekşenbe güni bolsa ygalyň mukdary 0,6 mm-e barabar bolar.

Balkan welaýatynda duşenbe güni howanyň aňrybaş gyzgynlygy +12 dereje bolar. Sişenbe güni howa +14 derejä çenli gyzar. Çarşenbe güni tizligi sekuntda 18 metre ýetýän güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar, termometriň sütünjigi bolsa +19-y görkezer.
Penşenbe güni şemalyň tizligi sekuntda 16 metre ýeter, az-kem ýagyn ýagmagy mümkin, howa +22 derejä çenli gyzar.
Anna güni 1 mm-e çenli ygal düşer we howanyň gyzgynlygy +14 dereje bolar diýip çaklanylýar. şenbe güni hem şonuň ýaly howa saklanar, ýekşenbe güni bolsa termometriň sütünjigi +11 derejä çenli aşaklar.

Daşoguz welaýatynda duşenbede howanyň aňrybaş gyzgynlygy +7 dereje bolar. Az-kem ýagynyň ýagmagyna garaşylýar. Sişenbe güni howa +12 derejä çenli gyzar. 
Penşenbede howa birden gyzyp, +21 derejä ýeter we az-kem ýagyn ýagar. anna güni gündizine howanyň derejesi +15 töweregi bolar. Dynç günleri howa +10 dereje bolar, şenbe güni 1,6 mm möçberinde ygal düşer diýip çaklanylýar.

Mary welaýatynda duşenbede ygalyň mukdarynyň 4 mm we howanyň temperaturasynyň +13 dereje töweregi bolmagyna garaşylýar. Sişenbe güni hem şonuň ýaly howa bolup, 2,1 mm mukdarda ygal düşer. Çarşenbede howa +19 derejä çenli gyzar.
Penşenbede howa birden üýtgäp, +12 derejeden +28 derejä çenli gyzar, bady sekuntda 17 metre ýetýän güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar. Anna güni howanyň gyzgynlygy +23 derejä çenli aşaklar. Dynç günleri howanyň temperaturasy +17 - +19 bolar.

Lebap welaýatynda duşenbede we sişenbede howa +12 dereje töweregi maýyl bolar, az-kem ýagyn ýagmagy mümkin. Çarşenbe güni howa +17 derejä çenli gyzar. Penşenbe güni howa hasam gyzyp, +23 derejä ýeter we bady sekuntda 21 metre ýetýän güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar. 
Anna güni 5,2 mm mukdara çenli ygalyň düşmegine garaşylýar, termometriň sütünjikleri bolsa +23 derejäni görkezer diýip çaklanylýar. Şenbe güni 55 mm mukdarda ygalyň düşmegine garaşylýar, şeýle-de howanyň gyzgynlygy +15 derejä çenli düşer.  Ýekşenbede hem şonuň ýaly howa bolar, ýöne ygalsyz bolar diýip çaklanylýar.


şu gün 09:43
5.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....