Anna we şenbe günleri Türkmenistanda güýçli ýeliň öwüsmegine garaşylýar

  • 03.03.2022 19:38
  • 18k+

4-nji we 5-nji martda Türkmenistanyň hemme sebitlerinde diýen ýaly güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar. Onuň tizligi wagtal-wagtal sekuntda 22 metre ýeter diýip howa maglumaty gullugy habar berýär.

Anna güni Aşgabatda we Ahal welaýatynda ýeliň tizligi günüň ikinji ýarymynda artar. Sagat 14.00-da şemalyň aňrybaş tizligi sekuntda 18 metre ýetmegi mümkin. Sagat 17.00-dan başlap günüň ahyryna çenli ýeliň güýjemesi sekuntda 21 metre baryp ýeter. Gije çabgaly-ýagynly bolup, şondan soň ýeliň bady peseler. Gündizine howa​ +21 derejä çenli gyzar.

Balkan welaýatynda ýeliň öwsüşi anna güni sagat 14.00-dan soň güýjäp ugrar diýip çaklanylýar. Ýeliň aňrybaş tizligi sekuntda 22 metre ýetmegi mümkin. Agşam güýçli ýagyn ýagmagyna garaşylýar, 22,5 mm ygalyň düşmegi mümkin. Gije sebitde ýel ýatyşar.​

Daşoguz welaýatynda şemal anna gününden şenbe gününe geçilen gijesi güýjär diýip garaşylýar. Ýary gije 1,5 mm ygalyň düşmegi mümkin diýip çaklanylýar. Şemalyň tizligi sekuntda 17 metre ýeter. Şenbe güni irden howanyň ýagdaýy aramlaşar, emma günüň ikinji ýarymynda şemalyň tizligi ýene artyp, sekuntda 20 metre çenli ýetmegi mümkin. Howanyň ýagdaýy gije düşmegi bilen kadalaşar.

Mary welaýatynda şemal günüň ikinji ýarymynda güýçlenip ugrar. Sebitde onuň tizligi sekuntda 18 metre ýeter diýip çaklanylýar. Howa​ +26 derejä çenli gyzar.

Lebap welaýatynda şemal anna güni irden güýçlenip ugrar. Ilkibada onuň tizligi sekuntda 16 metr töwerek​ bolsa-da, soň kem-kemden artyp,​ günüň ikinji ýarymynda tizlik sekuntda 21 metre baryp ýetmegi mümkin diýip çaklanylýar. Howanyň ýagdaýy ýary gije kadalaşar.​ 


03.02.2026 13:36
19k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» we Ronaldu effekti: telekeçiler ýokary isleg döwrüne howsala düşmän nädip taýynlanyp biler

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy geçiriler: «Arkadag FK» – «Al-Nasr». Petekler Aşgabat häkimliginiň web-sahypasy we Sanly şäher programma üsti arkaly onlaýn satylýar...

14.11.2025 11:47
6.3k+

Aşgabatdaky orta hünär okuw mekdebi “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi isleg bildirýänleri “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar. Okuwa orta bilimli, şeýle-de esasy okuwynyň daşyndan hünär öwrenmeklige isleg bildirýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary (8-nji synpdan ýokary okuwçylary) hem kabul edilýär...

30.10.2025 14:54
322k+

Aşgabatda “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany Täze ýyl satuwyna başlady

Täze ýyl möwsümi badalga alýar. Aşgabatda A.Annaýew köçesiniň ugrunda (Ostrowskiý) “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany işläp başlady. Dükanda: dürli ölçeglerde we reňklerde Täze ýyl arçalary; arça şahalaryndan döredilen bezegler (täze ýyl gapy bezegleri, arça gozalary, asma bezegler we ş...

25.09.2025 16:19
6.9k+

“Türgen” himçistka talyplar üçin aksiýa yglan etdi: kostýum-balak, don, çabyt, ponbarhat...

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän «Türgen» himçistka talyplar üçin “5+1” aksiýasyny yglan etdi. Aksiýanyň dowamynda şol bir egin-eşikden 5 sanysyny tabşyrana 6-njy mugt arassalanyp berilýär. Ýagny, 5 sany kostýum-balak tabşyrana 6-njy mugt ýuwlup berilýär...