Natalýa German Berdimuhamedowy Türkmenistanyň BMG-a agzalygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 03.03.2022 09:51
  • 7.2k+

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

«Sizi we Türkmenistanyň halkyny şanly sene — ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna girmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sene ýurduňyzyň taryhynda iň möhüm wakalaryň biridir, onuň ähmiýeti şol sanda milli döwletliligiň hem-de dünýä derejesinde Bitaraplyk syýasatynyň ykrar edilmeginde öz beýanyny tapdy. Garaşsyz Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde geçen 30 ýylyň dowamynda bu guramanyň abraýynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem onuň Tertipnamasynda kesgitlenilen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmagyny dowam edýär» diýip, Natalýa German hatynda nygtady.

BMG-niň ýörite missiýasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginde awtordaş bolup çykyş etmegi, bu merkeziň edara binasynyň türkmen paýtagtynda ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň sebit durnuklylygynyň we Merkezi Aziýada howpsuzlygyň saklanylmagyna hem-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Pursatdan peýdalanyp, Natalýa German “bitaraplyk” we “öňüni alyş diplomatiýasy” diýen düşünjeleriň bitewüdigini nygtap, merkeziň döredilen gününden bäri onuň işine türkmen Lideriniň hut özüniň hemmetaraplaýyn şahsy goldaw berendigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.


şu gün 16:30
274

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
547

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......