Eýran PastoCovac sanjymyny eksport etmegi meýilleşdirýär

  • 02.03.2022 14:09
  • 2.8k+

Eýranyň Paster adyndaky institutynyň müdiri Alirez Biglari Eýranyň PastoCovac sanjymyny dürli ýurtlara, şol sanda goňşy ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada IRNA salgylanyp, Trend habar berýär.

Biglari PastoCovac-yň hem ulular, hem çagalar üçin ulanylýandygyny belledi. Ol PastoCovac-yň häzirki wagtda Eýrandaky çagalaryň alýan ýeke-täk sanjymydygyny sözüniň üstüne goşdy. 
Mundan öňem Biglari PastoCovac-y koronawirusa garşy iň howpsuz sanjym hökmünde häsiýetlendirdi we onuň Kubadaky beta-görnüşine hem-de Eýrandaky delta-görnüşine garşy synagdan geçirilendigini, şonda sanjymyň 96% netijeliligini görkezendigini aýtdy.
Ol Eýranda her aý PastoCovac sanjymynyň 5 million dozasynyň öndürilýändigini, çagalar üçin iki dozanyň ýeterlikdigini habar berdi. 


10.05.2026 18:46
4.2k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

23.05.2025 12:05
2.3k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.8k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.6k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...