Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

  • 13.03.2025 06:25
  • 5.6k+

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap edilen makalada beýan edildi. Ys alşyň we tagam bilşiň ýitmegi COVID-19-a - esasanam, pandemiýanyň başlangyç döwründe - mahsus alamatlardyr. BSGG-niň maglumatlaryna görä, adamlaryň aglabasy üçin bu duýgular keselden gutulandan soň aýrylyp gidýär, ýöne gutulanlaryň, takmynan, 6% -i uzak möhletli alamatlar bilen kowidden soňky sindromdan ejir çekýär.

UCLH-iň lukmanlar topary septorinoplastikanyň - burun peregorodkasynyň  gyşarmasyny düzetmek üçin geçirilýän adaty bir operasiýanyň kömegi bilen, şeýle hassalar tarapyndan ýatdan çykarylan duýgulary “täzeden dikeltmäge” synanyşdy.
Barlagyň esasy awtory, hirurg Piter Endrýus septorinoplastikanyň ys alyş boşlugyna howa akymyny 30% artdyryp, yslaryň reseptorlara elýeterliligini ýokarlandyrýandygyny belledi.
Täze makalada beýan edilen synag 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň maý aýyna çenli 25 adamyň gatnaşmagynda geçirildi. Olaryň 12-si operasiýa edildi we 13-si güýçli yslar bilen ys alyş maşklaryny dowam etdirdi. Operasiýa edilenleriň hemmesi duýgularynyň gowulaşandygyny habar berdiler, gözegçilik edilýän beýleki toparda bolsa öňegidişlik bolmady – käbir gatnaşyjylar, hatda ys alşynyň beter  erbetleşendigini duýup başlady.
27 ýaşly gatnaşyjy Penelopa Nýuman özündäki  täsirlerini paýlaşdy.

“Burnuma operasiýa edilmezden ozal hiç haçan öňkim ýaly ys alyp, tagam duýup bilmejekdigim bilen tasdanam ylalaşypdym. Bu gaty erbet. Iki ýarym ýyl parosmiýaly ýaşanymdan soň, durmuşymy düýpgöter üýtgetmeli boldum. Operasiýanyň netijesinde öňkim ýaly tagamlardan we yslardan lezzet alyp başladym" – diýip, ol gürrüň berdi. Alymlar indi operasiýanyň ýitirilen duýgulary nädip dikeldýändigine düşünmek üçin näsaglaryň beýnisindäki üýtgeşmeleri öwrenmegi meýilleşdirýärler.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....