COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

  • 20.03.2025 12:22
  • 4.8k+

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel ýokuşan primatlary “Obeldesiwir” atly peroral (ýuwutmak arkaly kabul edilýän) dermanyň kömegi bilen bejermek başartdy.  

Ebola gyzdyrmasy kesel degenleriň biologiki suwuklyklary arkaly ýokuşýan ölüm howply wirus keselidir. Kesel içki gan akmalara getirip, organlara zeper ýetirýär we köplenç, ölüme eltýär. Bar bolan sanjymlar we wena goýberilýän derman serişdeleri ulanylyşda kyn bolup, diýseň gymmat düşýär.
“Obeldesiwir” dermany “Remdesiwir” derman serişdesiniň peroral görnüşidir. Gyzykly ýeri, ilkibaşda ol COVID-19 bilen göreşmek üçin işlenip taýýarlandy. Derman wirusyň köpelmegi üçin zerur bolan fermenti blokirleýär. Bu hem Ebolanyň dürli ştammlaryna garşy göreşde netijeli boldy.
Makaka-rezuslardaky tejribeler 100% diri galyjylygy görkezdi, ýawa makakalarynda bu görkeziji 80%-e ýetdi. Derman diňe bir wirusy ýok etmän, eýsem organlaryň zeperlenmeginiň öňüni aldy.
Alnan netijeler, aýratynam, derman serişdelerine elýeterliligi çäkli bolan sebitlerde Ebolany bejermegiň amatly usulyny döretmäge umytlandyrýar.


20.06.2026 12:08
7.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......