Marynyň dalaşgäri Lebapda öz maksatnamasyny tanyşdyrdy

  • 01.03.2022 22:38
  • 4.1k+

28-nji fewralda Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji D.Agajanow ýygnananlary K.Saryýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de onuň ýokary hünär derejesini, guramaçylyk ukyplaryny, hormata mynasyp şahsy häsiýetlerini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär duşuşyga gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Dalaşgäriň aýdyşy ýaly, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda energetika ulgamynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak, önümçilige sanly tehnologiýalary, ylmyň iň soňky gazananlaryny we dünýä tejribesini ornaşdyrmak saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. 


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

04.06.2026 12:34
5.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

27.04.2026 23:33
11k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......