Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» kitaby Türkiýede tanyşdyryldy

  • 26.02.2022 07:17
  • 3.4k+

23-nji fewralda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy «Çalyk Holding» kompaniýasy we Malatýada ýerleşýän Inönü uniwersiteti bilen bilelikde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Oňa Malatýa welaýatynyň gubernatory, adybir şäheriň häkimi, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, Inönü uniwersitetiniň rektory hem-de professor-mugallymlary, talyplar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, türk kompaniýalarynyň, ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary hem onlaýn usulda goşuldylar.

Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, türkmen Lideriniň kitaplarynyň, Türkmenistanyň ösüş-özgerişlerini şöhlelendirýän fotosuratlaryň hem-de milli gymmatlyklarymyzyň sergisine syn etdiler. Soňra 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan wideoýazgylar görkezildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary w Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyň hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli halkymyza hem-de dünýäniň giň okyjylar köpçüligine gymmatly sowgady bolandygyny aýtdy we onuň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň berdi. Malatýanyň gubernatory hem-de şäher häkimi, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, Inönü uniwersitetiniň rektory öz çykyşlarynda ak mermerli Aşgabadyň waspyny ýetirýän bu kitabyň türk dilinde neşir edilmeginiň türkiýeli okyjylary türkmen paýtagtynyň şan-şöhraty we gözellikleri bilen ýakyndan tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýedigini belläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklarda ýetilen sepgitler barada pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar.


şu gün 18:04
314

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

şu gün 16:40
1.4k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

şu gün 15:43
2.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

şu gün 15:12
1.4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......