Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň DIM-leriniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirilýär

  • 25.02.2022 13:14
  • 4.9k+

24-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde «Gurluşlaýyn dialog» başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdy, britan wekiliýetine Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Jastin Mak Kenzi ýolbaşçylyk etdi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar, şeýle-de sebit we halkara derejesindäki özara hereketleriň derwaýys ugurlaryna hem seredip geçdiler.  araplar şu ýyl Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, bu senä bagyşlanyp birnäçe çäreleriň geçirilmegini hem teklip etdiler.

Taraplar iki ýurduň Owganystanyň syýasatyna we ykdysadyýetine gatnaşykdaky çemeleşmeleri babatynda pikir alyşdylar, şeýle-de terrorçylyga garşy göreşmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 12:20
154

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......