Türkmenistanyň Baş diplomaty rus tarapy bilen VI Hazar sammitine taýýarlygy maslahatlaşdy

  • 24.02.2022 00:10
  • 4.3k+

Moskwa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň GDA gatnaşyjy ýanaşyk ýerleşen döwletler bilen RF-niň serhediniň delimitasiýasy we demarkasiýasy boýunça Ýörite wekili, Hazar deňzi boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerde rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.Petrakow bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýanyň özara hereketleri Hazarda dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, Hazar sebitiniň Ýewraziýada ykdysady, ulag-logistik, energetiki we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň birine öwrülmegine ähmiýetli goşandyny goşýar.

Şu nukdaýnazardan, taraplar şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň derwaýyslygyny nygtamak bilen, bu çärä taýýarlyk görmek we ony üstünlikli geçirmek üçin ysnyşykly hereket etmek boýunça ylalaşdylar.  


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......