Prezident saýlawlary: Ahalyň we Marynyň dalaşgärleri bellige alyndy

  • 22.02.2022 09:12
  • 18k+

21-nji fewralda Aşgabatda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Ahal we Mary welaýatlarynyň raýatlarynyň teklipçiler toparlarynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň iň ýokary döwlet wezipesine hödürlän dalaşgärlerini bellige almak meselesi girizildi.

Ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi, “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy bellige aldy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine bellige alnan dalaşgärlere degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.


11.11.2025 10:13
7.3k+

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

10.11.2025 14:32
4.2k+

Türkmenistanda güýzki bag ekmek möwsüminiň çäklerinde on müňlerçe bag nahallary oturdyldy

8-nji noýabrda Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallary ekildi. "Türkmenistan" gazeti welaýatlar boýunça bag ekmek çäresiniň geçirilişi barada san maglumatlaryny paýlaşdy...

28.10.2025 07:05
3.3k+

Garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli Irlandiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy

Irlandiýa Respublikasynyň prezident saýlawlarynda garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli ýeňiji boldy diýip, Reuters habar berýär. Ol saýlawçylaryň 63,4% sesini toplady. Ikinji orny 29,5% ses bilen ýurduň öňki premýer-ministri, sagçy “Fine Gael” partiýasynyň wekili Heýzer Hamfris eýeledi...

20.10.2025 16:49
4.3k+

Boliwiýada täze Prezident saýlandy

Boliwiýanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Hristian-demokratik partiýadan (PDC) dalaşgär Rodrigo Pas ýeňiş gazandy diýip, El País habar berýär. Ol 54,5% ses gazandy, onuň garşydaşy, ýurduň öňki Prezidenti, Libre bileleşigine wekilçilik edýän Horhe Kiroga bolsa 45,5% ses aldy...