Türkmenistan Täjigistandan 10 müň tonna alýumin satyn alar

  • 22.02.2022 12:49
  • 13k+

Türkmenistanda Täjigistan Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginden 10 müň tonna alýumin satyn almak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada 21-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Ç.Purçekow türkmen Liderine hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde durýan wezipelere laýyklykda, alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň önümçilik zerurlyklaryny hem-de ilatymyzy ýokary hilli senagat önümleri, edara-kärhanalaryň önümçiligine gerek bolan çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Täjigistan Respublikasy bilen ýokary derejede gazanylan ylalaşygyň çäklerinde degişli ministrligiň garamagyndaky “Nebitmaş” döwlet kärhanasynda öndürilýän önümleriň çig maly hökmünde ulanylýan sozulan we guýma alýumin taýýarlamalaryny satyn almak üçin Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginden 10 müň tonna alýumin satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Ýokary hilli senagat önümçiligini ösdürmekde zerur çig mal hökmünde ulanylýan alýumin önümleriniň getirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemmetaraplaýyn we häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyklykda içgin öwrenilmelidir» diýip, türkmen Lideri belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......