Wenada türkmen-awstriýa diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna maslahat geçirildi

  • 20.02.2022 18:51
  • 3.3k+

18-nji fewralda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Wenanyň Diplomatik akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly temada «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Ol türkmen Lideriniň täze başlangyjyny wagyz etmegiň çäklerinde we Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary, ilçiler, halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýurduň sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmekdäki aýratyn ornuny nygtadylar.

Öz çykyşynda türkmen tarapynyň wekili «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýylda hem Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezýän köp sanly çäreleriň geçiriljekdigini aýdyp, türkmen-awstriýa gatnaşyklarynda ýetilen sepgitler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Maslahatyň ahyrynda käbir daşary ýurt wekillerine  berlen «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallar gowşuryldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......