«Stels-omikronda» täze howply mutasiýa tapyldy

  • 20.02.2022 12:58
  • 15k+

“Omikronyň” täze görnüşi Daniýada işjeň ýaýraýar. Onuň aýratynlygy ORF3a belogynda täze mutasiýanyň (H78Y) barlygyndadyr. Bu belokdaky üýtgemeler wirusyň adamdan adama geçmegini hasam çaltlaşdyryp biler diýip, alymlar çaklaýar.

Bu üýtgemeler adam öýjüginiň içinde wirusyň hereketine jogap berýän belokda bolup geçdi diýip, “Izwestiýa” gazeti belledi.

Alymlaryň pikiriçe, bu onuň adamdan adama geçiş tizliginiň ýokarlanmagyna hem sebäp bolup biler. Bellenilişi ýaly, bu keseliň adamda geçişine täsir etmeýär, ýöne islendik BA.2 mutasiýa gözegçilik etmek gerek, sebäbi ol “omikronyň” beýleki görnüşlerine garanyňda, hem kesellän adamlara, hem COVID-19-a garşy sanjym alanlara kesel degirýär.   

Polşada “omikron” mutasiýalarynyň iki sany täze görnüşi ýüze çykaryldy. Ýurduň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Waldemar Kraskanyň aýtmagyna görä, Saglygy goraýyş ministrligi heniz täze mutasiýalaryň nähili boljakdygyny we munuň keseliň geçişine nähili täsir etjekdigini bilenok. Şeýle-de, koronawirusyň başga mutasiýasynyň peýda boljakdygyny ýa-da ýokdugyny öňünden aýtmak kyn diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.


23.05.2025 12:05
1.9k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

02.12.2024 23:30
2.9k+

BSGG-niň Ýewropa sebit wekilligi Türkmenistanda saparda boldy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit wekilligi saglyk pudagynda täsirli sanly aragatnaşyk endiklerini güýçlendirmek üçin Türkmenistanda saparda boldular. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron...