Türkmenistanda täze daşary syýasat Konsepsiýasyny taýýarlamaga girişilýär

  • 20.02.2022 02:01
  • 5.2k+

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny kabul etmek boýunça işlere başlamak teklip edilýär. Bu barada 18-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde daşary işler ministri Raşid Meredow käbir teklipleri türkmen Lideriniň garamagyna hödürledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” esasy ugurlaryny göz öňünde tutup, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli:

  • Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasynyň taslamasy barada teklipleri taýýarlamak;
  • Adalat ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek;
  • Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň düzümini döwrebap ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Şeýle hem Karara laýyklykda, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hökümet iş topary döredildi. Resminama bilen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hökümet iş toparynyň düzümi hem-de bu iş topary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......