Berdimuhamedow türkmen diplomatlaryny hünär baýramçylyklary bilen gutlady

  • 18.02.2022 11:41
  • 2.4k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda her ýylyň 18-nji fewralynda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli diplomatik gullugyň wekillerine Gutlag iberdi. Onda türkmen diplomatlarynyň Türkmenistanyň milli bähbitlerini halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp üpjün etmekde we goramakda bitirýän işlerine ýokary baha berilýär.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň barşynda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da artdyrjak «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze başlangyç beýan edildi.

 «Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde çuňňur mazmunly bu teklip dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýar. Bu bolsa Bitaraplygyň mizemez ýörelgeleriniň dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň has-da kämilleşdirilmegine itergi berýändigine şaýatlyk edýär» diýip, türkmen Lideri Gutlagynda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy diplomatik, halkara hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýändigini nygtaýar.


şu gün 15:39
89

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....