Serdar Berdimuhamedow: «Meniň ähli aladam, baş maksadym halkymyzyň bagtyýar durmuşy bolar»

  • 15.02.2022 12:53
  • 58k+

«Meniň ähli aladam, baş maksadym mydama halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döwletimizi täze döwürde ösüşlere we galkynyşlara beslenen ýurda öwürmek ugrundaky tagallalar bolar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Demokratik partiýadan dalaşgär hödürlenen Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda geçirilen Demokratik partiýanyň nobatdan daşary IX gurultaýynda eden çykyşynda belledi. Bu barada TmCars.info ozal hem habar beripdi.

Habar berşi ýaly, forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy dalaşgärlige hödürlemek baradaky teklibe garadylar.

Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, eger, özüniň ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda mundan beýläk hem ata-babalarymyzyň ruhy, mirasyna ýugrulan ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, ähli-ukyp başarnygyny gaýgyrman, Watanymyz, halkymyz üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, tutanýerli we döredijilikli tutumlar bilen beýik maksatlara ýetmek ugrunda zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

«Men öz halkyma, onuň belent we mizemez ruhuna, biziň ählimiziň bilelikde barha jebisleşip, mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödäp, eziz Türkmenistany has-da özgertjekdigimize, öz ajaýyp, bagtyýar geljegimizi gurjakdygymyza pugta ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgär aýtdy.

Dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Ýakyn wagtda ýokary döwlet wezipesine beýleki dalaşgärleriň atlary hem belli bolar. Bu bolsa Prezident saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasda geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......