Türkmenistanyň biržasy: 1 hepdede 56,5 million dollarlyk 89 geleşik baglaşyldy

  • 14.02.2022 11:21
  • 5k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 56 million 447 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy, awtobenzini we arassalanmadyk parafini satyn aldylar. BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmengaz” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň we Owganystanyň telekeçileri jemi bahasy 16 million 42 müň manatlykdan gowrak el halylaryny, nah ýüplügi, buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy 13 million 989 müň manatlykdan gowrak bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.


düýn 15:48
3.9k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......