Türkmenistanda saýlawlar boýunça topar degişli işleri geçirer

  • 12.02.2022 12:47
  • 22k+

TmCars.info-nyň öň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilendigini nygtap, toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini habar berdi.

Maslahatyň dowamynda eden çykyşynda türkmen Lideri ýygnananlara ýüzlenip, ýaşlaryň geljekde ýurdumyzy dolandyrmaga gatnaşmak baradaky teklibiniň makullanandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.


düýn 22:17
840

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:16
3.6k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....