Berdimuhamedow sebitlerde Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen gyzyklandy

  • 09.02.2022 12:00
  • 21k+

8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatlaryny hem diňledi. Onda, esasan, sebitlerde 11-nji fewralda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly alnyp barylýan işlere üns çekildi.

Şeýle-de sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň barşy, hususan-da, ekin meýdanlaryny möwsüme göwnejaý taýýarlamak, ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler barada hasabatlar berildi. Türkmen Lideri ýer eýelerine goldaw bermek we oba hojalygyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de maksatnamalaýyn işleriň amala aşyryljakdygyny belläp, bu ugurda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul etmek göz öňünde tutulýan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” hem möhüm wezipeleriň ileri tutulýandygyny nygtady.

“Şoňa görä-de, geljek 30 ýyla niýetlenen bu maksatnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda hiç bir zat ünsden düşürilmeli däldir” diýip, döwlet Baştutany aýtdy. 


düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.9k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....