Wise-premýer Toýlyýew Pekinde hytaýly lukmanlar bilen gepleşikleri geçirdi

  • 05.02.2022 07:40
  • 9.5k+

Pekinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 4-nji fewralda Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň çäklerinde saglygy goramak babatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Dünýäni gurşap alan howply koronawirus ýokanjyna garşy umumy göreş ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Taraplar COVID-19 pandemiýasyna garşy hereket etmekde toplanan oňyn tejribäni paýlaşyp, mundan beýläk-de lukmançylyk ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary tehnologik taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulaglary bilen aýratyn gyzyklanyp tanyşdylar, ähli zerur şertler göz öňünde tutulan şol awtoulaglarda tizleşdirilen ýagdaýda PZR-testleri geçirmek hem göz öňünde tutulypdyr.


düýn 17:46
1.4k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.5k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......