ABŞ-da sütün öýjüklerini oturtmak arkaly hassasynyň görüşini bölekleýin dikeltmek başartdy

  • 27.06.2025 17:46
  • 4k+

Kaliforniýanyň 28 ýaşly ýaşaýjysy Nik Harufehiň görüşini sütün öýjüklerini oturtmak arkaly bölekleýin dikeltmek başartdy diýip, Daily Mail neşiri habar berýär.

Harufeh bäş ýyl ozal ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramçylygynda şikes alypdyr. Feýerwerk ugruny üýtgedip, ýüzüniň golaýynda ýarylypdyr. Netijede, Harufeh agyr şikes alypdyr, lukmanlar göz almasyny aýyrmaly bolar diýip çaklapdylar. Emma soňra diňe göz perdesine zeper ýetendigi, gözüň galan gurluşynyň üýtgewsiz galandygy anyklandy. Muňa garamazdan, onuň çep gözi doly kör bolup galdy.
Onuň ejesi Bostonyň Mass. Eye and Ear keselhanasynda kliniki synagyň geçirilýändigi barada maglumat tapypdyr. Onda CALEC atly synag usuly - limbal epiteliýniň kultiwirlenen autolog öýjük transplantasiýasy synagyna gatnaşmak üçin meýletinçileri toplaýan eken. Bu amalyň düýp manysy sagdyn gözden sütün  öýjükleriniň kiçijik nusgasyny almakdan, ony laboratoriýa şertlerinde ösdürip ýetişdirmekden, soňra bolsa şikes ýeten gözüň ýüzüni dikeltmek üçin oňa transplantasiýa etmekden ybaratdy.

Ilkinji CALEC synagy 2018-nji ýylda himiki ýanyk alan dört näsagda geçirilipdi. Soňra uly göwrümli kliniki synaglar başlandy. Harufeh olaryň birine gatnaşyp, 2021-nji ýylda operasiýa edildi. Transplantasiýa etmek üçin materialy onuň sagdyn gözünden aldylar.
Görüşini doly dikeldip bolmasa-da, ol indi sagdyn gözüni ýumsa, zatlary tapawutlandyryp we ýörejek ugruny saýgaryp bilýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......