Gwadelupaly zenanda ganyň täze topary ýüze çykaryldy

  • 24.06.2025 10:30
  • 8k+

Gwadelupanyň ýaşaýjysy "Gwada negatiw" (Gwada negative) adyny alan täze gan toparly dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada Fransiýanyň Gan edarasynyň (EFS) hünärmenleri habar berdiler diýip, Medical Xpress ýazýar.

Onuň ganynyň nusgalary ilkinji gezek 2011-nji ýylda - operasiýadan öňki meýilnama boýunça derňew üçin laboratoriýa iberildi. Şonda lukmanlar adaty bolmadyk antibedenleri tapdylar, ýöne tehniki mümkinçilikler seýrek biomateriallary doly öwrenmäge mümkinçilik bermedi. Diňe 2019-njy ýylda ýokary tizlikli DNK yzygiderlilik tehnologiýalaryny ulanyp, ozal näbelli mutasiýa sebäp bolan genleri kesgitlemek mümkin boldy.
EFS-de takyklamaklaryna görä, zenan häzir 54 ýaşynda, ol Parižde ýaşaýar we yzygiderli barlaglardan geçýär. Lukmançylyk biology Týerri Peýrardyň sözlerine görä, özboluşly gan görnüşi ene-atasyndan miras galyp, olaryň her biri üýtgän geniň bir nusgasyny geçiripdir.
Halkara gan goýberiş jemgyýeti (ISBT) 2025-nji ýylyň iýun aýynyň başynda "Guada negatiwi" täze gan topary ulgamy hökmünde resmi taýdan ykrar etdi we ol umumy sanawda 48-nji boldy.
Alymlar şeýle açyşlaryň seýrek ýagdaýlary bolan näsaglara lukmançylyk kömegini gowulandyrmak üçin möhümdigini nygtaýarlar. Barlagçylar şuňa meňzeş ganly beýleki adamlary tapmaga umyt baglaýarlar, bu bolsa transfuziologiýada indiwidual çemeleşme amallaryny ösdürmäge kömek eder.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......