Süýji keseline we semizlige garşy ýokary täsirli dermanlaryň täze synpy - “madda-15” döredildi

  • 26.06.2025 14:27
  • 6.3k+

Awstraliýanyň we Ýewropanyň molekulýar biologlary süýji keseline we semizlige garşy, ganda glýukozanyň derejesini peseldýän we iýmit siňdiriş bilen bagly meseleleri ýa-da etiňi ýitirmek ýaly zyýanly täsirleri bolmazdan agramy azaldýan dermanlar toparyny döretdiler. Bu barada Şwesiýanyň Karolinskiý institutynyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

"Biziň döreden derman serişdämiz süýji keseliniň dermanlarynyň düýbünden täze bir toparyna degişlidir we semizligi hem-de insuline garşylygy bejermek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ol howpsuz ýagdaýda agramy azaltmaga mümkinçilik berýär we hemişelik ýa-da döwürleýin sanjymlary almagy talap etmeýär" - diýip Karolinskiý institutynyň dosenti Şeýn Raýt mälim etdi.

Ozal aşgazan asty mäzde insuliniň işlenip çykyşyny kadalaşdyrýan we adamlaryň beýnisinde dokluk duýgusynyň peýda bolmagyna jogap berýän GLP-1 reseptorlaryna täsir edýän semaglutid we liraglutid ýaly dermanlar işlenip düzülipdi. Emma olar iýmit siňdiriş bilen bagly kynçylyklary we myşsa massasynyň ýitmegi ýaly zyýanly täsirleri döredip biler.
Barlagçylar bu dermanlara alternatiwany – gurluşy boýunça damar giňeldiji bametan dermanyna meňzeş molekulany tapdylar. Ol süňk myşsalaryndaky beta-adrenoreseptorlara täsir edýär we insuliniň derejesine garamazdan, ýürege täsir etmezden, glýukozanyň ýanmagyny ýokarlandyrýar.
Syçanlarda, soňra meýletinçilerde geçirilen synaglar şertli "madda-15" adyny alan täze dermanyň liraglutidiň täsirinden pes däldigini, ýöne myşsalaryň ýitmegine we iýmit siňdiriş bilen bagly bozulmalara sebäp bolmaýandygyny görkezdi. Alymlar bu dermanyň bar bolan dermanlara ygtybarly we amatly alternatiwa öwrülmegine garaşýarlar.


şu gün 12:08
3.8k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......