Porsche Taycan elektrokary Ginnesiň rekordyny täzeledi

  • 01.02.2022 12:41
  • 10k+

Germaniýanyň Porsche kompaniýasy sport awtomobilleri segmentinde güýçli orun eýeleýär. Model Taycan Ginnesiň dünýä rekordyny goýdy, elektrokaryň akkumulýatory iki sagatdan gowrak wagtyň içinde zarýad alýar diýip, car.ru habar berýär.

Porsche Taycan sportkary Birleşen Ştatlaryň çägini geçmezden öň akkumulýatoryň doly zarýad almagy üçin iň az wagt sarp edýän elektrik ulagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 
Nýu-Ýork bilen Los-Anjelesiň arasyndaky ýol 4535 km barabar. Bu aralygy geçmezden öň Porsche Taycan-yň akkumulýatory 2,26 sagadyň dowamynda zarýad aldy, bu hem rekord görkeziji diýlip kabul edildi. Öňki rekord eýesi Günorta koreýanyň Kia EV6 awtomobilidi. Ol bellenilen aralygy üstünlikli geçdi, ýöne sürüşden öň batareýa 7,1 sagatlap zarýad aldy. 
Porsche Taycan-y tygşytly dolandyrmagyň ussady Ueýn Gerdes sürdi. Oňa teklip edilen elektrokary dolandyrmagyň usuly “gipermiling” diýlip atlandyryldy. 
Bu sürüş wideo ýazgy edildi, şol bir wagtyň özünde awtoulagyň ýerdäki ýagdaýy ýörite GPS enjamynyň kömegi bilen goşmaça bellige alyndy. Zarýad bermek üçin Electrify America ulgamynyň stansiýalarynyň biri ulanyldy. 


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....