Türkmenistan ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek üçin täze hödürnamalary taýýarlaýar

  • 30.01.2022 23:45
  • 4.6k+

29-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibiniň mazmuny örän baý boldy. Häzirki meselelere, şeýle-de geljek döwür üçin meýilnamalara garaldy. Bu ugurda şu ýyl Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň, şeýle-de ýurduň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2021-2023 ýyllar döwri üçin, Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagynyň derwaýys ähmiýeti bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, ahalteke atlaryny seýislemek sungaty we türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungaty ýaly gadymy türkmen sungatlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler dogrusynda hem gürrüň edildi. Türkmenistanyň paýtagtyny «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek üçin hödürnamanyň ýagdaýyna hem seredildi. Şeýle-de Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmeginiň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasyna hem seredildi.  


düýn 15:05
7.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 17:48
6.4k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......