R.Meredow BMG-niň terrorçylyga garşy göreş boýunça edarasynyň başlygy bilen pikir alyşdy

  • 30.01.2022 23:42
  • 5.8k+

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň arasyndaky giň gerimli uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler diýip, TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda sebit we halkara howpsuzlygyň meselelerine, hususan-da, 2011-nji ýylyň Aşgabat jarnamasynyň we Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň düzgünlerine esaslanmak bilen, BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň sebit derejesinde durmuşa geçirilmeginiň çäklerindäki özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurda Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy Global strategiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň 3-4-nji martynda Daşkent şäherinde geçiriljek halkara maslahatyň çäklerinde Hereketleriň bilelikdäki täzelenen meýilnamasynyň kabul edilmegine taýýarlyk hem beýan edildi.   

Taraplar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçilikleriniň ulanylmagy bilen, alnyp barylýan hereketleriň derwaýyslygyny hem belläp geçdiler. Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurdaky möhüm ädimleri aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň daşary işler ministri söhbetdeşine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy barada gürrüň berdi.


08.06.2026 18:54
3.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......