Ilon Mask paýnamalaryň bahasynyň pese gaçmagy sebäpli 21 mlrd dollardan gowrak ýitirdi

  • 30.01.2022 10:28
  • 5.7k+

Amerikaly telekeçi Ilon Mask Tesla-nyň paýnamalarynyň bahalarynyň arzanlamagy sebäpli 21 mlrd dollardan gowrak ýitirdi. Muny Forbes-iň milliarderler reýtinginiň maglumatlary delillendirýär.

Şeýlelikde, bir gün öň Tesla-nyň paýnamalarynyň 10,75%, ýagny 837 dollara çenli arzanlandygy bellenilýär. Netijede, Maskyň baýlygy 8,84 göterim azaldy. Häzirki wagtda onuň baýlygy 221,3 mlrd dollara deň diýip, TASS-a salgylanyp, rg.ru ýetirýär.

Şeýle-de bolsa, Mask henizem Forbes-e görä dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda 188,6 mlrd dollar bilen LVMH fransuz kompaniýalar toparynyň baş direktory Bernar Arno ýerleşýär. Üçünji orny 165,8 mlrd dollar bilen Amazon internet-söwda kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos eýeleýär.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....